icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

17 fewral 2026

154

El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we ileri tutulýan pudaklarda özara maýa goýumlaryny artdyrmak bilen baglanyşykly ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni özara gatnaşyklaryň durnukly mehanizmlerini döretmäge, şol sanda Türkmenistanyň we Kuweýtiň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin hemişelik platformany döretmäge aýratyn üns berildi. Bu formatyň logistika proseslerini işjeňleşdirjekdigi we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirjekdigi nygtaldy.

Amatly geografiki ýerleşişe we uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde strategik ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem energetika we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk degişli edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan ediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi