icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

18 fewral 2026

158

Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň şygaryna we Diplomatik işgärleriň gününe bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda  2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda 2026-njy ýyly "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" şygary bilen yglan etmegiň Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň dowamlylygyny, milli mirasyna hormat goýmagy we parahatçylykly we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýändigi bellenildi. Döwletliligiň nyşany hökmünde türkmen atynyň aýratyn orny, däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň dowamlylygy nygtaldy.

Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik bitaraplyk, netijeli halkara gatnaşyklary hem-de sebit we ählumumy derejede ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmekde türkmen diplomatiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bu çäre gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň nyşany we diplomatik işgärleriň hünär baýramy babatda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin goşmaça mümkinçilik döretdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi