

2026-njy ýylyň 23-25-nji fewraly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär. Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda alnyp barylýar.
23-nji fewralda Germaniýanyň Ylmy barlaglar, tehnologiýalar we kosmonawtika federal ministrliginiň döwlet sekretary Markus Plaýeriň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň GFR-däki Ilçileriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Z5+1 formatynyň çäklerinde ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Bilelikdäki beýannama gol çekildi. Türkmenistanyň adyndan resminama Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow gol çekdi.
Forumyň açylyş dabarasyna Germaniýanyň degişli edaralarynyň, ylmy guramalarynyň we uniwersitetleriniň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri gatnaşdylar.
Ilçi B.Rejepow öz çykyşynda Türkmenistanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky gazananlaryny belläp, Germaniýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Germaniýanyň Medeniýet geňeşiniň wise-prezidenti we Nemes arheologiýa birleşiginiň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Manfred Nawrotyň çykyşy gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ol nemes alymlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda arheologik barlaglary geçirmäge goşan uly goşandyny belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleri bolan Nusaýyň, Goňurdepäniň we Merwiň ähmiýeti hem-de özboluşlylygy nygtaldy.
Forumyň çäklerinde bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, akademiki elýeterlilik, ýaş alymlary goldamak we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu forumyň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky ylmy-bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini tassyklady.