

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar ähli ugurlarda üstünlikli ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda alnyp barylýan ysnyşykly dialogyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, umumy ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de parahatçylyk, özara hormat goýmak we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde sazlaşykly we özara goldawly gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň iki ýurduň umumy bähbitlerine doly laýyk gelýändigini bellenildi. Şol bir wagtda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.