icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

03 noýabr 2017

3498

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Halkara nebitgaz maslahatynda çykyş etdi

2017-nji ýylyň 2-3-nji noýabrynda d-r Urban Rusnak Aşgabatda geçirilýan “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2017” (OGT) atly 22-nji halkara maslahatynda çykyş etdi. OGT - bu öňdebaryjy sebitleýin we halkara çäresi bolup, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň we global energetika howpsuzlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýokary derejeli ýolbaşçylary birleşdirýär. D-r Rusnak Maslahatyň plenar mejlisinde geljegiň energetika strategiýalarynyň emele gelmeginde Halkara Energetika Hartiýasynyň orny babatda çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy hökmünde gazananlaryna esasy ünsi çekdi.

Türkmenistana saparynyň dowamynda Baş sekretar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,  Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy M.Babaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyny kämilleşdirmegiň we 28-29-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine taýynlyk görmegiň meselelerine garaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi