icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2017

1377

Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň  28-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we bar bolan mümkinçilikleri seljerildi. Özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge kanagatlanma bildirip, taraplar harby-syýasy, ykdysady-ekologiki we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeň hereketi barada aýdyp, taraplar sebitleýin we halkara meselelerini amala aşyrmakda ýurduň oňaýly bitaraplygynyň mümkinçiliklerini bellediler. Şoňa görä-de, taraplar halkara derejesindäki özara gatnaşyklaryň möhümdigine ünsi çekdiler we parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek üçin mundan hem beýläk tagallalary birleşdirmegiň birnäçe meselelerine seretdiler.

Özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlarynyň hatarynda taraplar sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin energetika we ulag-logistika ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda,  Owganystan boýunça VII sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda gol çekilen Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň orny nygtaldy.

Taraplar halkara energiýa geçirijileriniň ygrybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini, şeýle hem bütindünýä energetika bazarynda umumy kabul edilen kadalaryň ýerine ýetirilişine kepil geçýän täze halkara-hukuk mehanizmini işläp düzmek ýoly bilen tabşyryklaryň ugurlarynyň hukuk goraglylygyny üpjün etmegi aýratyn nygtadylar. Şoňa görä-de, Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň  28-nji mejlisiniň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň bilelikdäki amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän geljegi has uly bolan taslamalary maslahatlaşyp, taraplar 2018-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna ünsi çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi