icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

13 mart 2018

2054

Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde BMG-niň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň HG-niň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2018-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifing Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnaldy.

Brifingiň işine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri we TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda geljekde Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmak meselelerine gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi babatda giňişleýin maglumat berildi.

Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli döwletleri sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geljekki hereketleri amala aşyrmaga, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk) Türkmenistandan Owganystana demir ýolunyň gurluşygynyň taslamalarynda ösüş çygrynda sebitleýin başlangyçlary makullady we berkitmäge tutanýerli çagyrdy.  

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenip, «bu Rezolýusiýa Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk sebitlerde gin gerimli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar. Şol resminama bu örän iri halkara guramasy bilen bilelikdäki uzak möhletli meýilnamalary we özara hyzmatdaşlygyň strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga bize mümkinçilik berýär», diýip aýdan sözleri aýratyn bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi