PRES-RELIZ

Soňky günlerde Eýranyň we käbir beýleki döwletleriň habar beriş serişdelerinde ýoýulan maglumatlar peýda boldy, hamala Türkmenistanyň serhet gullugynyň eýran gämisine garşy bikanun hereketleri edendikleri hakynda.Türkmen tarapy 2018-nji ýylyň 21-nji martynda Hazar deňziniň Türkmenistanyň çäginde, Türkmenistanyň kenar çyzygynyň 3-4 kilometr golaýynda Türkmenistanyň serhet gullukçylary tarapyndan Eýran Yslam Respublikasynyň raýatlarynyň bir toparynyň motorly gaýykda Türkmenistanyň döwlet serhedini bozup ýurdumyza uly mukdarda neşe serişdelerini gaçgak ýoly bilen geçirmek synanşygynyň öňüni alandygyny mälim edýär.

Agzalan gaçgakçylar saklanjak bolnanda, olar serhet gullukçylarynyň buýryklaryna boýun egmän, türkmen serhetçileriniň garşysyna janyňa howp abanýan hökmünde hasaplanylýan meçew beriji hereketleri ulandylar, we onuň netijesinde serhedi bozan gaçgaklaryň garşysyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda güýç ulanyldy.

Häzirki wagtda bolup geçen waka boýunça iki ýurduň serhet komissarlarynyň hereket edýän mehanizminiň çäklerinde waka degişlilikde duşuşyklar, prosessleýin çäreler geçirilýär.

Türkmen tarapy ýokarda agzalan bu meseläniň islendik syýasata garşy synanşyklary onuň kimdendigine garamazdan Türkemenistana garşy dostluksyz hereket hökmünde garaljakdygy we türkmen tarapyndan haýal etmän goranyş çäreleriniň görüljekdigi barada aýtdy.