icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

02 sentýabr 2019

1454

Maglumat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmekleri hakynda Maglumat

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmekligiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 26-njy awgustyndaky karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri hakynda Düzgünnama  we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň 2016-njy ýylyň 31-nji awgustyndaky  №43-Ö buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleriň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekleri üçin bäsleşigi geçirmekligiň Tertibi esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini (mundan beýläk - Merkez) üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmekligi üçin, bäsleşik esasynda seçip almak amala aşyrylýar we bäsleşigi geçirmekligiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Merkeziň okuwyny üstünlikli tamamlan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tälim alşy geçmeklige bäsleşik esasynda seçilip alnan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaşaýan raýatlary tälim alşy geçip bilýärler. 

Tälim alşy geçmegiň esasy maksady administratiw-tehniki işi boýunça hünär bilimlerini we zerur tejribe endiklerini öwrenmekden ybarat.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine tälim alşy geçmeklige kabul edilen hünärmenlere aýlyk zähmet haky, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň referentiniň aýlyk zähmet hakynyň möçberinde bellenilýär. Tälim alşyň geçirilýän döwri 3 aý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň esasy wezipe sanawyndan daşary, tälim alşy geçýän hünärmenler bilen tälim alşyň geçirilişiniň tutuş döwri üçin möhletli zähmet şertnamasy baglaşylýar.

Tälim alşyň geçirilişiniň möhleti tamamlanandan soňra, tälim alşy geçýän hünärmenleriň işiniň jemlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünär synagy topary tarapyndan garalýar.

Hünär synagynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýrugy bilen tälim alşy geçen hünärmenleri Türkmenistanyň Diplomatiki gullugynyň ulgamynda diplomatik gullugyň administratiw-tehniki işgäri wezipesine bellenilýär.

Degişli hödürnamany almadyk we hünär synagyndan geçmedik tälim alşy geçen hünärmenler bilen tälim alşyň möhleti tamamlanandan soň zähmet şertnamasy bes edilýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi