“Küştdepdi” – aýdym aýtmagyň we tans etmegiň türkmen milli sungaty

Aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” türkmen milli sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendir.

«Küştdepdi» - bu gadymy türkmen tansy we aýdymy bolup, ol batly depginde ýerine ýetirilýändir. Halk içinde ähmiýetli dabaralaryň barşynda giňden ulanylýandyr.  

Aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň sanawa girizilmegi baradaky hödürnama 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda seredildi we ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna biragyzdan girizildi.

Türkmenistanyuň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu çözgüt umumadamzat medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň ägirt uly ähmiýetiniň ykrarnamasydyr. Küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.