icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

04 maý 2015

6842

Gender deňliginiň gazanylmagy – Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir

Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda erkekleriň we aýallaryň deň mümkinçiliklere, hukuklara we jogapkärçiliklere eýe bolan jemgyýetini göz öňünde tutýar. Erkekleriň we aýallaryň arasyndaky deňlik – bu haçanda iki jynsyň wekilleri hem bilime we saglygy goraýyşa, dolandyryşda we häkimýetde deň ygtyýarlyklara eýe bolmaklary, kimdir-birine işlemek ýa-da öz işine ýolbaşçylyk etmek arkaly maliýe garaşsyzlygyna ýetmekde, özleriniň şahsy we hünär isleglerini hem-de gyzyklanmalaryny durmuşa ornaşdyrmakda birmeňzeş mümkinçiliklere eýe bolmaklary bolup durýandyr. Gender deňliginiň gazanylmagyndaky çylşyrymly şertleriň biri hem aýallara jemgyýetiň ösüşiniň dürli ulgamlarynda ygtyýarlyklaryň we has giňişleýin mümkinçilikleriň berilmegi, şeýle-de gender deňliginiň gazanylmagyna erkekleriň hem gatnaşdyrylmagy bolup durýar. 

Aýallaryň reproduktiw wezipelerine, durmuş we medeni aýratynlyklara hem-de däp-dessurlara degişlilikde erkekleriň we aýallaryň ýaşaýyş şertleri birek-biregiňkiden düýpli tapawutlanýar, emma olar erkekleriň we aýallaryň ýaşaýyş şertlerine ýaramaz täsirini ýetirmeli däldir, hukuklarynyň kemsidilmesine getirmeli däldir we talabalaýyk nazarda tutulyşy ýaly, ol ykdysady, durmuş we syýasy mümkinçilikleriň deň paýlanylmagynda öz beýanyny tapmalydyr. 

Dünýä ösüşiniň häzirki zaman şertleri we globallaşmanyň gapma-garşylyklary aýallaryň ýagdaýyna hem täsirini ýetirýär. Aýallaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi demokratiýanyň pugtalandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesiniň gowulandyrylmagyna, durnuklylyga we geçirimlilikge ýardam edýär.

Aýallaryň mynasyp orny bolan, olaryň durmuş saýlawy, jemgyýetçilik we döwlet işine gatnaşmaga deň ygtyýarlyklary we deň mümkinçiligi bolan ýurtlar has durnukly we durmuşa ukyply ýurtlar bolup, olar täze ýüzýyllygyň meseleleriniň çözgüdine taýýardyrlar.

Häzirki wagtda aýallaryň garyp gatlaklaryň 70% düzýärler, 14% dolandyryjy wezipeleri, 6% ministrler kabinetlerinde wezipeleri, we 11% köp bolmadyk bölegi parlamentlerde wezipeleri eýeleýärler. Aýallar olaryň öz ykballary bilen bagly bolan ykdysady ösüş, gorlaryň paýlanylmagy, döwlet howpsuzlygy, dilomatiýa, syýasatyň kemala getirilmegi ýaly meselelerde çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmeýärler diýen ýalydyr. Çözgütleriň aglaba bölegi syýasy düzümlerde agdyklyk edýän erkekler tarapyndan kabul edilýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak we gender deňliginiň gazanylmagy boýunça çäreleri sazlaşykly durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda biziň ýurdumyzda erkekler we aýallar deň hukuklara we azatlyklara, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin deň mümkinçiliklere eýedirler. Milli kanunçylygymyz  erkekleriň we aýallaryň häkimýet edaralaryna deňagramly gatnaşygynyň gazanylmagy üçin hukuk gurallaryny we kepilliklerini, aýalalryň ykdysady garaşsyzlygy üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, öz işiniň kämilleşdirilmegi we wezipe ösüşi, maşgaladaky hukuklaryň we jogapkärçilikleriň deň durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. 

Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşi şu ýyllaryň dowamynda BMG we onuň edaralary, şol sanda Ilat ulgamyndaky Gaznasy (UNFPA) bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyryldy. 

1996-njy ýylda biziň ýurdumyz Aýallara gatnaşykda hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň aradan aýrylmagy baradaky Konwensiýa (CEDAW),  2009-njy ýylda bolsa onuň Goşmaça teswirnamasyna goşuldy. Türkmenistan şeýle-de şu ýyl 20 ýyllygy bellenilýän aýallaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň hereketleriniň Pekin platformasynyň Makstnamasyny kabul etdi. Öz üstüne alan borçnamalaryna eýerip Türkmenistan gender deňliginiň ilerledilmegi boýunça strategiýany işläp düzdi we erkekler hem-de aýallar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine degişli umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalarynyň we düzgünleriniň milli kanunçylyga hem-de tejribä ornaşdyrylmagy boýunça sazlaşykly hereketleri alyp barýar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamalary BMG-niň müňýyllygyň Jarnamasy bilen berk baglanşyklydyr, onda bolsa gender deňligi aýallaryň we çagalaryň saglygynyň  goragy boýunça wezipeler, bilim, jynslaryň arasyndaky deňligiň ýaýbaňlandyrylmagy, aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly bolan esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenilendir. 

Öz işiniň çäklerinde BMG-niň Ilat ulgamyndaky Gaznasy (UNFPA) Türkmenistana bilermenlik we tehniki goldawy arkaly gender deňliginiň ilerledilmegine, şol sanda seminarlaryň, iş mejlisleriniň guralmagy bilen ýardam berýär, şeýle-de milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi boýunça bu ulgamdaky halkara tejribesiniň öwrenilmegi boýunça tanyşdyryjy saparlary hem guraýar.   

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli instituty we Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy ulgamyndaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň Iş topary bilen bilelikde halkara bilermenleriniň birnäçesiniň gatnaşmagynda ençeme seminarlar geçirildi. Gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň üstünde işlemegiň strategiýasy işlenilip taýýarlanyldy. 

Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde 2012-nji ýylda ilat ýazgysyna taýýarlyk we ony geçirmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi, demografiki ýagdaýyň gender şertleri we olaryň hil bahalandyrmalary kesgitlenildi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlerde aýallaryň hem uly goşandy bardyr. Türkmenistan aýallara, enelere bagtyýar durmuşyň, olaryň hukuklarynyň ygtybarly goraglylygynyň  üpjün edilmegini özüniň esasy maksatlarynyň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistanda gender çemeleşmesiniň strategiýalara we milli maksatnamalara girizilmegi bilen aýallaryň mümkinçilikleriniň ösüşi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda aýallar ýurdumyzyň ilatynyň 50,2% düzýärler. Aýalalryň hakyky deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi, olaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzdaky orunlarynyň ýokarlandyrylmagy boýunça Döwlet maksatnamasy esaslaýyn milli we halkara kanunçylyk esasyna eýe boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy aýallara erkekler bilen deň derejedäki hukuklaryň berilmegini kepillendirýär. 14.12.2007 ý. senedäki «Aýallaryň deňhukuklygynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny aýalalryň hukuklarynyň üpjün edilmeginde jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşygyny düzgünleşdirýär. 

Türkmenistanda 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda aýallaryň gatnaşygynyň geljekde hem giňeldilmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine gönükdirilen gender deňliginiň geljekde hem ilerledilmeginiň guraly hökmünde 2015-2020 ýyllar döwür üçin gender deňligi boýunça hereketleriň Milli maksatnamasy tassyklanyldy. BMG we beýleki halkara edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär, ol bolsa sebitde gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň aýallary ýurduň edaralarynda we kärhanalarynda işleýänleriň umumy sanynyň 46% düzýärler.

Ýurtda zähmet çekýänleriň ýarysynyň aýallardagy hakykat, ol bolsa olaryň zähmete bolan konstitusion hukugyndan peýdalanýandyklarynyň subutnamasydyr. Aýallar ýokary döwlet häkimýet  we dolandyryş edaralarynda, ylym we bilim, medeniýet we sungat, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda mynasyp orun eýeleýärler, öz işlerini giňişleýin we işjeň ýaýbaňlandyrýarlar.

Döwlet işlerini dolandyrmak ulgamyndaky gender deňligi etrap, welaýat we döwlet derejesinde döwlet syýasatynyň kemala getirilmegine ýardam edýän wezipelerde aýallaryň wezipelere bellenilmeginde öz beýanyny tapýar.  Ýokary kanunçykaryjy edara bolan Mejlise ol sýlawlardan bu saýlawlara çenli aýallaryň sany barha köpelýär. Türkmenistanyň Mejlisine eýýäm iki çagryyş bäri Akja Nurberdiýewa ýolbaşçylyk edýär, 125 deputatyň 33-si aýallar we ol 26,4% bolup durýar.

Döwlet dolandyrylyşynyň dürli derejelerinde 25,4 % aýallar işleýär, bu bolsa kabul edilýän çözgütlere aýallaryň işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär. Aýallaryň arasynda – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, ministr zenanlar, ministriň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, lukmanlar, mugallymlar, prokuratura we kazyýet işgärleri bar. Ykdysadyýetde iş bilen üpjün aýallaryň paýy 42,3%, durmuş-medeni ulgamyndaky aýallaryň paýy ortaça 63,7%,  şol sanda bilim ulgamynda 66,2%,  saglygy goraýyşda 63,7%  we beýleki pudaklarda 63,7% bolup durýar.

Aýalalryň işleriniň täze ugry hem işewürlik we telekeçilik bolup durýar.

Gender şertleri göz öňünde tutulýan ýerde maksatnamalaryň we syýasatlaryň netijeliligi hem ýokarlanýar. Şeýlelik bilen, aýallaryň telekeçiliginiň ösmegi işsizligiň we garyplygyň çözgüdi bolup, jemgyýetde we döwletde sosial durnuklylygyna ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurduň döwlete degişli bolmadyk böleginde 46,8% aýallar işleýärler.

Gender deňliginiň gazanylmagynda möhüm orun maşgala degişli ediýär, çünki ol jemgyýetiň esasy tebigy bölümi bolup durýar.

Geljekki nesliň terbiýesi maşgala baglydyr. “Maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelýär, birek-biregi hormatlamagy, gymmatyny bilmegi we söýmegi öwrenýär, däp-dessurlara akyl ýetirýär. Maşgala daşky howplardan gorag gurşawyny döredýär we onuň ähli agzalary, aýallar we erkekler, çagalar we garrylar üçin geljege bolan umyt berýär. Bagtly adamlar bagtyýar maşgalany döredýärler. Bagtly maşgala bolsa bagtyýar we üstünlikli döwleti emele getirýär”.

Şeýle-de bolsa häzirki wagtda däp bolan maşgala köpsanly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar: nika bozulmalar, hasaba alynmadyk nikalar – bu bolsa çagalaryň aňyna we olaryň terbiýesine ýaramaz täsirini ýetirýär. Maşgala meseleleri demografiki meselelere getirýär, jemgyýetde  aýallaryň öz ýollaryny tapmaklaryna ýaramaz täsir edýär.

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň däp-dessurlarynda berk we paýhasly nesil hemişe ýetişdirilipdir we her bir maşgalanyň borjy bu asylly däplere eýermeklik bolup durýar.  Aýallar çaga terbiýelemegiň we täze nesilleriň kemala getirilmeginiň ata-babalarymyz tarapyndan toplanan baý tejribesini ulanmaklyk bilen maşgala gymmatlyklaryny saklamagy we goramagy başarýarlar.

Ýokary ahlaklylyk, päk göwünlilik, rehimlilik, ygrarlylyk – biziň zenanlarymyza mahsus bolan ajaýyp häsiýetlerdir. Türkmen zenanlary ezber elleri bilen ajaýyp halylary we keşdeleri döredýärler. Olaryň bu döredijiliklerinde olaryň ussatlygy we irginsiz zähmeti öz beýanyny tapýar. Asyrlaryň dowamynda bu ýokary sungat eneden gyza, nesilden nesle geçirilipdir we özboluşly terbiýe mekdebine öwrülipdir.

Türkmenistanda ýaşlar, täze gurulýan maşgalalar hakynda uly aladalar edilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň okamak we hünär edinmek, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda okamak, işe ýerleşmek üçin, oňyn ýaşaýşyň ajaýyp mümkinçilikleri bardyr.

Aýallar hakyndaky döwlet aladasy – jemgyýetiň sagdynlygynyň, onuň ynsanperwerliginiň we ahlaklylygynyň alamatydyr, ýurduň Prezidentiniň bu meselä şahsy üns bermegi bolsa – kabul edilen degişli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň girewidir.

2015-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistan gender deňligi we aýallaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň meseleleri boýunça BMG-niň düzüm birliginiň Ýerine ýetiriji Geňeşine (BMG-Aýallar) saýlandy. Bu Türkmenistanyň ýurtda gender deňliginiiň ilerledilmegine gönükdirilen we bu ugurda BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyny tassyklaýan ýene bir ädimdir.

Gender deňligine ep-esli ýakynlaşan ösen ýurtlaryň birnäçesinde gender deňligi boýunça geçirilen barlaglar oňyn netijeleri berdi: ýaşaýyň dowamlylygy artdy, göwniçökgünligiň ýygylygy azaldy, jenaýatçylygyň derejesi pese düşdi we adamlaryň aglaba köp bölegini hakykatdan hem bagtyýar etdi.  

Aksoltan Ataýewa 

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekili 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi