icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 awgust 2020

960

Türkmenistan UCI bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  B.Mätiýewiň Halkara welosipedçiler birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartien bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar önjeýli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Bu ugurda 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramagyň we geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredildi. 

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Halkara welosipedçiler birleşigi Dawid Lappartieniň baştutanlygynda Aşgabada dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny berdi. Bu saýlaw türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde zerur bolan enjamlar we howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilen iň döwrebap welotrekleriň biriniň hereket edýändigi bilen şertlendirilendir.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi