icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

28 mart 2022

1439

DIM-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasyny kabul etmegine, şeýle-de ýurdumyzyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan brifing geçirildi

2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň we beýlekileriň çykyşlary diňlenildi.

Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow golaýda ýurdumyzda geçirilen derwaýys syýasy wakalaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan, edil şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halkara işleriniň ilerledilmeginde hem aýratyn ähmiýete eýedigini belläp geçdi.

Ministr 2022-nji ýylyň başyna çenli Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 17 rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň, olaryň bolsa 16-nyň soňky 15 ýylyň içinde kabul edilendiginiň aýratyn derwaýyslygyny belläp geçdi. Şonuň bilen birlikde hem, Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň geňeşleriniň, komissiýalarynyň we komitetleriniň 11-niň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň çäklerinde hem işjeň halkara hereketlerini dowam edýär, diýip R.Meredow nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 62 sany döwlet Durnukly Ösüş Maksatlarynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilerledilmegine, ulagyň ekologiki görnüşleriniň ösdüerilmegine hem-de ýol howpsuzlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna çagyrýan bu Rezolýusiýanyň döredijileri bolup çykyş etdiler.

Şu nukdaýnazardan, Ministr Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Şäher ulag ulgamynyň durnuklylygynyň we ekologiki aýratynlyklarynyň üpjün edilmeginde welosiped ulagynyň ähmiýetine bagyşlanan Halkara maslahaty geçirmäge taýýarlygyny beýan etdi. 

Nygtalşy ýaly, BMG bilen hyzmatdaşlyk sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde Türkmenistana öz bitaraplyk derejesini doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň gazanan üstünligini – ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagynyň aýratyn ähmiýetini beýan etmek bilen, munuň «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» we «2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasynda» kesgitlenilen maksatlaryň hem-de wezipeleriň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň netijeli bolup durýandygyny nygtady.  

Çykyşlaryň barşynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy – bu biziň ýurdumyzyň halkara ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryna hemmetaraplaýyn goşulmak babatyndaky strategiki ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan maksada gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýandyr.

Brifinge gatnaşyjylara şeýle-de Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary baradaky wideorolik görkezildi. 

Çärä gatnaşyjylar diňe bir biziň ýurdumyzyň halkara durmuşyna dahylly soňky wakalar babatynda giňişleýin maglumat alman, eýsem özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlenmek üçin hem mümkinçilik aldylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi