icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

24 mart 2022

1453

Howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26- maslahatynyň esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy hem-de Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylda geçirilen BMG-niň COP-26 - maslahatynyň  esasy netijelerine hem-de gazananlaryna bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirildi.

Bu maslahat geçen ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň martynda geçirilen bilelikdäki tegelek stoluň dowamy boldy.

COP-26 maslahatynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi boýunça esasy hereketleriň hem-de Glazgonyň Howa paktynyň ilerledilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň usullarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu çäräniň esasy maksady boldy. 

Maslahatyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar hem-de talyplar gatnaşdylar. Çäräniň utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çykyş etdi.

Türkmenistanda daşky gurşawyň goragy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda daşky gurşawyň hem-de tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagy babatynda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şeýle-de bolsa, hut howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan meseleler biziň öňümizde täze wezipeleri kesgitleýär, kabul edilen milli meýilnamalaryň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de täzeleriniň işlenilip düzülmegini talap edýär.

Türkmenistan howanyň üýtgemegini ýurduň durnukly ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda hem, ýurdumyzda howanyň üýtgemeginiň nazarda tutulmagy arkaly durnukly ösüşiň gazanylmagyna gönükdirilen ençeme derwaýys kanunlar, maksatnamalar we strategiýalar kabul edildi.

Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen özara hereket etmek boýunça täze başlangyçlaryň beýan edilen meýdançasyna öwrüldi we Türkmenistanyň pes uglerodly, has serişde tygşytlaýjy we durnukly ykdysadyýete geçmeginiň ýygjamlaşdyrylmagyna itergi berer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi