icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 ýanwar 2023

33684

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary: «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň derejesi hakyndaky», «Diplomatik derejeler hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky», “Döwlet protokoly hakyndaky”, “Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakyndaky”, “Türkmenistanyň Halkara şertnamalary hakyndaky”, “Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakyndaky” Kanunlary we Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” tassyklady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 3 departamentden, 19 sany bölümden, şeýle hem welaýatlardaky bäş sany wekilhanadan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzüm birlikleriniň iş tertibi, wezipeleri we borçlary degişli düzgünnamalar bilen kesgitlenilýär.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzümi we işgärleriniň sany, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň düzümi we işgärleriniň sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

«Türkmenistanyň diplomatik gullugy» hakyndaky kanunyna laýyklykda – “Diplomatik gulluk -  bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklar çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi.

Diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Türkmenistanyň diplomatik gullugy hakyndaky» Kanuny, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary düzýär.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary, Türkmenistanyň çägindäki Daşary işler ministrliginiň wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin döredilen edaralar, guramalar, okuw mekdepleri girýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary syýasatyny amala aşyrýan we diplomatik gullugyna ýolbaşçylyk edýän merkezi ýerine ýetiriji edara bolup durýar. Diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralaryň we guramalaryň işini guramak Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleriniň 151-si bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 41-si hereket edýär. Türkmenistanda 30 sany ilçihana, 4 sany konsullyk, daşary ýurt döwletleriniň 2 sany diplomatik wekilhanalary we halkara guramalarynyň 14 sany wekilhanalary akkreditirlenen.

Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we şertnamalarynyň 177-sine gatnaşyjy bolup durýar.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

Türkmenistan goňşy döwletler bilen, şol sanda Merkezi Aziýa we Hazar sebitindäki döwletler bilen däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Şol bir wagtda Orta we Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerindäki döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklarda bolup durýar. Ýewropa we Amerika yklymlarynyň döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça Afrika döwletleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekde degişli işleri alyp barýar. Türkmenistan 50 sany halkara guramasynyň agzasy bolup, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi we beýlekiler bar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk adamzadyň ösüşini we öňe gidişligini üpjün etmäge, adamlaryň ýaşaýyş derejesini we maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, bütindünýä ykdysady we durmuş ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge, adamlaryň döredijilik başarnygynyň ýokary derejede açylmagyna, olaryň esasy hukuklarynyň we erkinlikleriniň höweslendirilmegine gönükdirilendir.

Gysga wagtyň içinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ornuna, energiýa howpsuzlygyna, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan Kararnamalar kabul edildi. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletimiziň bu abraýly gurama bilen parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hut Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýuny bolsa Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. 

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki işleriniň esasy ugurlaryndan biri, ol hem Durnukly Ösüş Maksatalaryna ýetmek boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşmak bolup durýar.

Abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklar yzygiderli esasda amala aşyrylýar. 2020-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy, 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk babatynda ýurt boýunça Maksatnamasy we beýleki resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hemmesi Türkmenistanda durmuş-ykdysady, energetika, ekologiýa, hukuk we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki anyk maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir.

18-nji fewral güni Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi