TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary: «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň derejesi hakyndaky», «Diplomatik derejeler hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky», “Döwlet protokoly hakyndaky”, “Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakyndaky”, “Türkmenistanyň Halkara şertnamalary hakyndaky”, “Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakyndaky” Kanunlary we Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 21 sany düzüm böleginden – 3 departamentden, 13 sany bölümden, şeýle hem welaýatlardaky bäş wekilhanalardan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzüm bölümçeleriniň iş tertibi, wezipeleri we borçlary degişli düzgünnamalar bilen kesgitlenilýär.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzümi we işgärleriniň sany, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň düzümi we işgärleriniň sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

«Türkmenistanyň diplomatik gullugy» hakyndaky kanunyna laýyklykda – “Diplomatik gulluk -  bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklar çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi.

Diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Türkmenistanyň diplomatik gullugy hakyndaky» Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary düzýär.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary, Türkmenistanyň çägindäki Daşary işler ministrliginiň wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin döredilen edaralar, guramalar, okuw mekdepleri girýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary syýasatyny amala aşyrýan we diplomatik gullugyna ýolbaşçylyk edýän merkezi ýerine ýetiriji edara bolup durýar. Diplomatik gullugyň ulgamyna girýän edaralaryň we guramalaryň işini guramak Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar”.

 Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleriniň 146-si bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 38-si hereket edýär. Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň 35 sany diplomatik wekilhanalary we halkara guramalarynyň bolsa 15 sany wekilhanalary işleýär.

Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we şertnamalarynyň 145-sine gatnaşyjy bolup durýar.

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

 Türkmenistan goňşy döwletler bilen, şol sanda Merkezi Aziýa we Hazar sebitindäki döwletler bilen däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Şol bir wagtda Orta we Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerindäki döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklarda bolup durýar. Ýewropa we Amerika yklymlarynyň döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ýurt baştutanynyň tabşyrygy boýunça Afrika döwletleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekde degişli işleri alyp barýar. Türkmenistan 46 sany halkara guramasynyň agzasy bolup, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi we beýlekiler bar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalarda Türkmenistanyň assosiirlenen agza derejesi bar. 

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň Geňeşleriniň, Komitetleriniň we Komissiýalarynyň 9 sanysynyň düzümine girýär. Türkmenistan global ösüş döwrüniň we müňýyllygyň maksatlaryny we meselelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk adamzadyň ösüşini we öňe gidişligini üpjün etmäge, adamlaryň ýaşaýyş derejesini we maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, bütindünýä ykdysady we durmuş ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge, adamlaryň döredijilik başarnygynyň ýokary derejede açylmagyna, olaryň esasy hukuklarynyň we erkinlikleriniň höweslendirilmegine gönükdirilendir.

Az wagtyň içinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ornuna, energiýa howpsuzlygyna, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna degişli Rezolýusiýalar kabul edildi. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletimiziň bu abraýly gurama bilen parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.    

Muňa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dürli halkara forumlarynda öňe süren başlangyçlary, ýagny: BMG-niň Energetika Geňeşini döretmek, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky ýokary derejedäki forumy döretmek, Owganystandaky ýagdaýy syýasy ýollar bilen düzgünleşdirmek we bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek we başga-da birnäçe başlangyçlar gönükdirilendir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde “BMG bilen Araly halas etmegiň  Halkara Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ” hem-de ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda bellenip geçilen “Bütindünýä welosiped güni” atly 2 sany Rezolýusiýanyň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu bolsa döwletimiziň başlangyçlarynyň wajyplygynyň we aktuallygynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini; Türkmenistanyň adamlaryň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga hem-de sporty halkara derejesinde wagyz etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ýene bir üstünligi bolup durýandygyny  aňladýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşmagy Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan 2018-2021 ýyllar üçin Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara Komitetiň (CIGEPS) düzümine saýlandy. Ýurdumyzda 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogap berýän ministrleriň 7-nji Halkara maslahatynyň (MINEPS-7) geçirilmegi bu ugurdaky ähmiýetli wakalaryň biri bolup durýar.   

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi. 2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda bolsa 80-nji mejlisinde kabul edilen çözgüt netijesinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllar döwür üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini nazara almak bilen, 2018-nji ýylda döwletimizde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara düzümleriniň gatnaşmagynda bu gaznany esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň Sammitini geçirmek meýilleşdirilýär.  

2019-2021-nji ýyllarda EKOSOS-yň düzümine Türkmenistanyň dalaşgärligini öňe sürmek boýunça işler alnyp barylýar.

2018-nji ýylyň 18-20 aprelinde Stambulda (Türkiýe) Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH) maksatnamasynyň 2018-nji ýyl üçin başlygy hökmünde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH) maksatnamasynyň Ulag ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 17-nji mejlisi geçirildi.

2015-nji ýylyň 8-10-njy aprelinde EKOSOS-yň guramaçylyk mejlisinde BMG-niň dürli edaralaryna saýlawlar geçirilende, Türkmenistan aşakdakylaryň agzalygyna saýlandy:

2016-2019-njy ýyllar üçin BMG-niň Ilatly nokatlary boýunça maksatnamasynyň Dolandyryjy geňeşine (BMG-HABITAT);

2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky düzüminiň ýerine ýetiriji geňeşine.

2016-njy ýylda Türkmenistan BMG-niň: 2017-2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna; 2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlandy.

Abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklar yzygiderli esasda amala aşyrylýar, 2016-njy ýylda gol çekilen 2016 - 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ösüşiň hatyrasyna maksadynda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy, 2016-2020-nji ýyllar üçin ÝUNISEF we ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýurt maksatnamalarynyň hereketler meýilnamalary, beýleki birnäçe resminamalar munuň subutnamasydyr. Olaryň hemmesi Türkmenistanda durmuş-ykdysady, energetika, ekologiýa, hukuk we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki anyk maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ençeme gezek iri halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp meseleleri girizildi. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi. Munuň özi hem Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär.