icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2022

2420

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Fransiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Pariž şäheriniň Ýeliseý köşgünde Ilçi M.Çaryýewiň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa öz iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi