icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

02 fewral 2017

1336

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary

2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) ştab-kwartirasynda, AOG, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we Aşgabat şäher häkimligi aralarynda, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi barada ylalaşyga gol çekilmegi, dünýäde uly sarsgyn döretdi we ýurdumyzyň durmuşynda belli waka öwürildi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň karary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alyp barylýan, sport we bedenterbiýäniň ösdürilmegi, sport ulgamynda ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň aýdyň netijesi bolup durýar.

2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Aşgabatda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek arenasy bolan Olimpiýa şäherçesi, iň iri köp ugurly sport topluymynyň gurluşygy başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy maýynda çykaran 12177 belgili karary bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara sport hyzmatdaşlygy bölümi döredildi. Bölümiň esasy wezipeleri, Türkmenistanyň içinde degişli guramalaryň we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatiki wekilçilikleriniň halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýurdyň halkara sport proseslerine ornaşmagy babatynda işleriniň sazlanmagy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti döredildi, dekabr aýynda bolsa – şol oýunlaryň taýýarlygy we geçirilmegi boýunça Ýerine ýetiriji komitet döredildi.

2014-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-ine paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanasynda Okeaniýa ýurtlarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy barada Memoranduma gol çekiliş dabarasy bolup geçdi. Şu resminama laýyklykda, Aziýanyň 45 sany Milli olimpiýa komitetlerinden başga, 2017-nji Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna ilkinji sapar Okeaniýa ýurtlarynyň 17 sany Milli olimpiýa komitetleri hem gatnaşar.

Mundan başga, Türkmeistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça, V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna atly sport bolan konkur we türkmen milli göreşi hem girizildi.

2016-njy ýylyň maý aýynyň 5-ine, «Nusaý» Döwlet taryh-medeniýet goraghanasynda, Aşgabadyň günbatar şäher eteginde gadymy galanyň düýbinde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlamagyna galan wagtynyň yza sanawyny aňladýan, 500 günlik atly ýöriş başlady. Şol bilen bir wagtyň içinde oýunlaryň başlamagyna galan wagtyň yza sanawy hem başladyldy.

17 sany atlydan ybarat bolan ahalteke atly topary, 500 güniň dowamynda ýurdymyzyň bäş welaýatynda hem bolup geçerler, her birinde 100 gün bolarlar. Atly ýörişiň jemleýji tapgyrynda, ýurdumyzyň Mary welaýatyndaky iň iri gaz käni bolan «Galkynyş» gaz käninde, V Aziýa oýunlarynyň odynyň ýakylmagy dabarasy bolup geçer, ondan soňra atly topar olimpiýa oduny Aşgabat şäherine getirer, we ol ýerde Oýunlaryň ody ýakylar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäklerinde, 2016-njy ýylda Olimpiýa şäherçesi binýadynda, synag çäreleri hökmünde 6 sany halkara ýaryşlary geçirildi, 2017-nji ýylyň aprel aýynda bolsa sportyň ýene üç görnüşi boýunça edil şolar ýaly ýaryşlar geçiriler. V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar we myhmanlaryň hyzmaty üçin, ýörite meýilnama boýunça takmynan 10 müňe golaý meýletinler taýýarlanýar.

Habar beriş serişdeleriniň Aziada-2017 çärelerinden habar beriş işi boýunça netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ählidünýä Internet torunda V Aziýa oýunlarynyň Internet saýty açyldy, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda media-forumlar geçirilýär we ýene-de gurnalýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi