icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 noýabr 2022

2244

Ermenistanyň ykdysadyýet ministrliginde ykdysady meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary A.Arzumanýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda haryt dolanşygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

A.Arzumanýan häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ýük gatnawlaryny ýola goýmak hem-de syýahatçylygy ösdürmek bilen bagly teklipleriniň öwrenilýändigini mälim etdi, hem-de ýakyn günlerde bu teklipleriň türkmen tarapynyň garamagyna iberiljekdigi barada habar berdi.

M.Aýazow ermeni tarapynyň teklipleriniň goldanylýandygyny belläp geçmek bilen, Ermenistan Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynyň işgärlerini we kompaniýalarynyň wekillerini Türkmenistanda geçirilýän halkara sergilere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda M.Aýazow 2023-nji ýylyň dowamynda iki ýurduň telekeçileriniň arasynda biznes forumyň geçirilmegini teklip etdi.

Şeýle hem, Ilçi Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda söwda dolanşygyny artdyrmak hem-de logistika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda hünärmenleriniň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň geçirilmegini teklip etdi. A.Arzumanýan öz gezeginde bu teklipleriň ermeni tarapyndan doly goldanylýandygy barada belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi