icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

26 oktýabr 2021

2828

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikdäki beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.

Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Iki döwletiň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň örän möhümdigini ykrar edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk halklaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, çuňňur medeni-ruhy gatnaşyklaryna esaslanan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge örän uly goşant goşandyklaryny belläp,

Halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine, serhetleriň mizemezligine, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyga, deňhukuklylyga we özara bähbide hormat goýmagyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändiklerini beýan edip,

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky durnukly we ynanyşmaga esaslanýan häsiýetli gatnaşyklaryň iki doganlyk döwletiň esasy bähbitlerine laýyk gelýändigine, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup hyzmat edýändigine ynam bildirip,

Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky 2017-nji ýylyň 18-nji aprelindäki Şertnamanyň aýratyn ähmiýetini nygtap, Prezidentler şular barada beýan edýärler:

Döwletleriň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda hemmetaraplaýyn berkitmegiň uzak möhletleýin ugrunyň üýtgewsizdigini tassykladylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna we bähbidine özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykarmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge pugta eýerýändiklerini beýan etdiler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna täze itergi beren Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň ähmiýetini belläp, taraplar ýokary, belent we beýleki derejelerde işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş etdiler.

Prezidentler Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň saparynyň dowamynda gol çekilen Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamanyň möhümdigini bellediler. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek işini doly tamamlamaga mümkinçilik berer.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň baglaşylmagynyň döwlet serhedinde durnuklylygy üpjün etmek işine, serhet meselelerini dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ruhunda düzgünleşdirmäge hyzmat etjekdigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Döwlet serhediniň iki doganlyk ýurduň we halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk serhedi bolup galmagy üçin mundan beýläk-de çäreleri görerler.

Iş ýüzünde özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge umumy çalyşmakdan ugur alyp, Prezidentler söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geljegi uly bolan mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Baştutanlar Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň utgaşdyryjy edara hökmündäki, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ornuny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary obasenagat toplumynyň, maşyngurluşygyň, azyk we ýeňil senagatyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň kärhanalarynyň önümçilik kooperasiýasyny ösdürmegiň, bilelikdäki ykdysady taslamalary amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler.

Prezidentler haryt dolanyşygyna ýokary goşulan bahaly önümleri çekmek arkaly, özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň we onuň sanawyny giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Taraplar telekeçilik işi, harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle hem özara esasda işewürlik maslahatlaryny we senagat önümleriniň milli sergilerini geçirmek üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini döretmek ugrunda çykyş edýärler.

Prezidentler ulag-kommunikasiýa ulgamynda daşarky bazarlara örän gysga ýol bilen we netijeli çykmagy üpjün edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar. Uzen (Gazagystan) — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek (Türkmenistan) — Gorgan (Eýran) demir ýoly boýunça demir ýol gatnatmalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellendi. Bu gatnaw ugry Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň çäkleri boýunça üstaşyr ýük daşamalaryny üpjün edýän bilelikdäki taslamalar amala aşyrylanda ileri tutulýan ugur hasaplanylýar.

Taraplar ulag ulgamynda iki ýurduň hem bähbitlerine laýyk gelýän möhüm taslamalary goldamagy mundan beýläk-de dowam etdirerler.

Prezidentler ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, degişli guramalaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, barlag merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler. Ylym we tehnika, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy düýpli işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar iki ýurduň ýaşlaryna goldaw bermäge, şol sanda ýaş nesillere ruhy-ahlak taýdan terbiýe bermäge we olaryň jemgyýetiň bähbitlerine zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny goldamaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmegi hemmetaraplaýyn höweslendirerler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna 2022-nji ýylda Türkmenistanda we Gazagystan Respublikasynda özara esasda Medeniýet we kino günlerini guramak tabşyryldy.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini bellediler, dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň çäklerinde hem, şol sanda Almaty şäherindäki Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýa sebit maglumat utgaşdyryjy merkeziniň (MASMUM) çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş etdiler. 2022-nji ýylda bu merkeziň direktory wezipesini Türkmenistanyň wekili eýelär.

Taraplar ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde, şeýle hem halkara parahatçylyga wehim salýan çozuş hereketlerine garşy göreşmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada bir bitewi garaýşy beýan etdiler.

Döwletleriň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň hem-de forumlarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmegi we özara goldaw bermegi mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanmanyň bardygyny nygtadylar.

Hazar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Prezidentler Hazarýaka döwletleriň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goldamakda, Hazarda ykdysady ösüşi ilerletmekde esasy orny eýeleýändiklerini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde hyzmatdaşlyga itergi bermäge, sebitiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga we olary çözmek üçin bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanda VI Hazar sammitini geçirmegiň, onuň mazmunynyň düzümini ýokary hilli işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň ähmiýetini bellediler. Bu sammitiň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirildi. Bu sammit Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň häzirki zaman hukuk esaslaryny emele getirmäge goşant goşar, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.

Döwletleriň Baştutanlary Aral deňziniň sebitinde, aýratyn-da, ekologiýa kynçylyklary bolan zolaklarda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri toplumlaýyn çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini ykrar etdiler.

Prezidentler suwuň, atmosfera howasynyň hapalanmagyny, ýerleriň zaýalanmagyny azaltmaga, bag nahallary ekilen zolaklaryň meýdanlaryny artdyrmaga, tebigy betbagtçylyklaryň, şol sanda suw joşmalarynyň, sil akymlarynyň, gurakçylygyň töwekgelçiliklerini azaltmaga, şeýle hem arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge we beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilen ylalaşylan çäreleri görmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar.

Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara alyp we olaryň gatnaşmagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigi bellenildi.

Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy gymmatlygy bolup durýandygyny we bu sebitde häzirki döwürde ýaşaýan onlarça million adamlaryň we geljekki nesilleriň ykbalynyň, tutuş sebitiň durnuklylygynyň we abadançylygynyň bu serişdeleriň adalatly we rejeli ulanylmagyna baglydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, açyk gepleşikleri dowam etdirmegiň, özara düşünişmegi berkitmegiň we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara kabul ederlikli, adalatly we netijeli çözgütleri gözlemegiň zerurdygy ykrar edildi.

Döwletleriň Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygynyň örän möhüm meselelerine seretmek üçin meýdança bolup hyzmat edýän, sebitde dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny emele getirmäge ýardam edýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmegi goldadylar.

Prezidentler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen konsultatiw duşuşyklarynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň doly möçberde durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş etdiler.

Iki döwletiň Baştutanlary ýadro ýaragsyzlanmagy we ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk işinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamany we Gazagystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 5-nji dekabryndaky 70/57 Rezolýusiýasy bilen kabul edilen Ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak hakyndaky ählumumy Jarnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Prezidentler Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we bütindünýä derejesinde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam edýändigini we döwletleriň arasyndaky parahatçylyga esaslanýan, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtap, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Rezolýusiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Iki döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda başlanan ynanyşmak we medeniýetleriň hyzmatdaşlygy mowzugynyň dünýäniň üns merkezinde galmalydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Rezolýusiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga goldaw berilýändigi beýan edildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Maslahata (AÖHYBÇM) Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde goşulmagyny goldady. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň AÖHYBÇM-a başlyklyk etmegine ýokary baha berdi. Döwletleriň Baştutanlary bu düzümiň Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmek üçin köptaraplaýyn platforma hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, sebitde ynanyşmagy, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, AÖHYBÇM-nyň çäklerinde işjeň özara hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Şol bir wagtda-da Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamagyň meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna we bölünmezdigine düşünip, döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky başlangyjyna goldawyny beýan etdiler, bu model ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek üçin platforma hökmünde garadylar.

Iki döwletiň Baştutanlary arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýokanç keselleriň çalt ýaýramagyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň häzirki döwürde iki ýurduň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigi barada bir bitewi garaýşy beýan etdiler. Taraplar koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň netijesinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň birek-birege goldaw berýändiklerini we raýdaşlyk bildirýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak, sanjymlary, derman serişdelerini we beýleki lukmançylyk we derman önümlerini öndürmek, olar bilen üpjün etmek babatda ýörite ugurlar boýunça düzümleriň arasynda özara hereketleriň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebit mehanizmini, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş Usulyýet merkezini, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin merkezini döretmek baradaky başlangyjyna goldawyny beýan etdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň biologik we biotehnologik howplar babatda howpsuzlyk we gözegçilik çärelerini görmäge, biologik işläp taýýarlamalary diňe parahatçylyk maksatlary üçin ulanmaga ýardam bermäge, şonuň netijesinde, parahatçylygy goldamaga, Ýer ýüzüniň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen Halkara biologik howpsuzlyk boýunça agentligi (HBHA) döretmek baradaky başlangyjynyň möhümdigi we ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Almatyda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça BMG-niň merkezini, Halkara biologik howpsuzlyk boýunça agentligi, kesellere we biohowpsuzlyga gözegçilik etmek boýunça sebit merkezleri ulgamyny döretmek, Ösüş maksady bilen Meýletinçileriň tagallalaryny birleşdirmegiň halkara ýylyny yglan etmek baradaky başlangyçlaryna goldawyny beýan etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň Baştutanlary saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň we gol çekilen resminamalaryň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna görkezilen myhmansöýerlik, mähirli garşylanandygy we hoşniýetlilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen barmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew.

 

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabry.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi