icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 fewral 2017

507

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin ulgamyny döretmeklige mümkinçilik berer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda strategiki ähmiýete eýe bolan meseleleri çözmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlyklygyna saýlanmagynyň onuň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Türkmenistan energetika ulgamynda iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de köpsanly duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şunda Energetika Hartiýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek.

Geçen ýylyň 25-26-njy noýabrynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Tokio şäherinde geçirilen mejlisinde ýurdumyz 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň konferensiýasynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe halkara çärelerini ýokary derejede guramak we geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk topary döredildi. Bu toparyň şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen ilkinji mejlisiniň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň energiýa serişdeleriniň çeşmeleriniň köpdürlüligini üpjün etmek, olaryň çägini giňeltmek; energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we olary aýawly saklamak maksady bilen, täzeçil tehnologiýalary we dolandyryş usullaryny ulanmak; daşky gurşawy goramagy we energiýanyň täzelenýän çeşmelerini ulanmagy üpjün etmek maksady bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek; energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarly ulgamyny döretmek üçin olaryň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegini deňhukukly we täjirçilik taýdan esaslandyrylan ýörelgelere görä amala aşyrmak; halkara energetika hyzmatdaşlygynda maýa goýum işlerini ösdürmek maksady bilen, energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek we olary goramak boýunça degişli işleri geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Durnukly energetika ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji maslahatynyň netije resminamasynda beýan ediler.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň Başlyklygy boýunça ýörite Internet web-saýtyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu elektron habar beriş serişdesiniň sahypalarynda dürli mowzuklaýyn makalalar çap ediler, Aşgabatda we dünýäniň beýleki şäherlerinde halkara energetika ugry boýunça geçiriljek çäreler barada maglumatlar berler.

Bu hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde 2015-nji ýylda Brýussel we Pekin şäherlerinde, 2016-njy ýylda bolsa Tirana şäherinde halkara bilermenleriň maslahatlary geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, 2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasy bilen bilelikde döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şol çäreler Aşgabatda, Brýusselde, Nýu-Ýorkda, Pekinde, Gonkongda, Tähranda geçiriler. Şol birwagtda Belgiýanyň paýtagtynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň içeri guramaçylyk duşuşyklarynyň 10-syny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, 8 ugur boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, oňa laýyklykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda media-forumlary, maslahatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklary we ýörite okuw sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ozal habar berlişi ýaly, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly Aşgabat forumy guraldy, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, bu mesele boýunça bilermenleriň birinji halkara duşuşygy geçirildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi