icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 ýanwar 2023

1716

Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisiniň Päkistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Päkistanyň Energiýa ministrliginde Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisiniň Päkistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri Hurram Dastgir Han bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmek maksady bilen, energiýa pudagynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi.

Federal ministr, TOPH we TOP taslamalarynyň Pakistanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, Päkistanyň hökümetiniň bu bilelikdäki taslamalary doly goldaýandygyny we olaryň tiz wagtda durmuşa geçirilmegini isleýändigini nygtady.

Taraplar bu bilelikdäki iri taslamalary tiz wagtda durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýeti bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi