icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 ýanwar 2023

1766

Türkmenistanyň sebitleýin daşary syýasaty "Söwda we özara baglanyşyk: Pakistanyň günbatar goňşulary" atly halkara seminarda öz beýanyny tapdy

2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Yslamabatdaky Milli Goranmak Uniwersitetiniň Strategiki barlaglar, gözleg we seljeriş institutynda "Söwda we özara baglanyşyk: Pakistanyň günbatar goňşulary" atly iki günlük halkara seminar geçirildi. Seminara Pakistanyň hökümet we hususy pudagynyň, analitik merkezleriniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) wekilleri, YHG agza ýurtlaryň ilçileri we bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Pakistan Yslam Respublikasynyň günbatar goňşulary, esasanam Owganystan, Eýran, Türkiýe we Merkezi Aziý ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny we gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň ulag we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki toplan tejribesini ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny we başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäginde "Demirgazyk-Günorta" we "Günbatar-Gündogar" ugurlarynda bar bolan halkara tranzit we transport geçelgeleri barada habar berildi. Türkmenistan tarapyndan başy-başlanan TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk liniýalarynyň we Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy we bu taslamalaryň ykdysady ösüşe, sebit hyzmatdaşlyga, uly daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine we birnäçe möhüm durmuş meselelerini çözmäge uly mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.

Maslahatyň dowamynda bilermenler, häzirki geostrategiki gurşaw, howa, gara we demir ýol ulaglaryny ulanmak bilen sebitleýin söwda we aragatnaşygyň ähmiýeti, şeýle hem bar bolan mehanizmler bilen söwdanyň göwrümini ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi