icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 fewral 2023

2300

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi B.Durdyýew bilen Ählumumy «Ýaşyl ösüş» institutynyň (GGGI) Baş direktory Frank Rijsbermanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

GGGI-nyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu guramanyň çäklerinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekligi meýilleşdirýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar GGGI bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda daşky gurşawy goramak hem-de ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek ýaly geljekki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Ekologiýanyň goralmagyna hem-de tebigy gorlaryň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň we möhüm orun eýeleýändigi bellenilip geçildi.

Hususan-da, duşuşygyň dowamynda Ilçi B.Durdyýew GGGI wekillerine Arkadag şäheri barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde gurulan täze «akylly şäheriň» konsepsiýasy häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribelerini utgaşdyrylyp, şol bir wagtda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleri ulanylyp, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, şeýle-de maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary sanly ulgam arkaly dolandyrylar we ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller hereket eder.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň we gurluşyk materiallaryň ulanylmagy, GGGI-nyň alyp barýan maksatnamasyna doly gabat gelýär we bu gurama Arkadag şäherine uly gyzyklanma bildirýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi