icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 fewral 2023

1602

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisiniň Pakistanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda Parlament binasynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Raja Perwez Aşraf bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapy halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada habar berdi. Ikitaraplaýyn Parlamentara gatnaşyklarda, özara tejribe alyşmak maksady bilen saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti bellendi.

Şeýle hem, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň we “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýmli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada gürrüň berildi.

Iki dost-doganlyk ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp, R.P.Aşraf, Pakistanyň ykdysady ösüşine itergi berjek TOPH, TOP taslamalarynyň öz wagtynda tamamlanmagyna Pakistanyň hökümetiniň ygrarlydygyny aýtdy. Pakistanyň Döwlet nebit ministri M.Malikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana eden saparyny ýatlap, bu taslamalary tizleşdirmek maksady bilen, hünärmen derejesindäki duşuşyklaryň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Sebitleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, R.P.Aşraf Türkmenistany Gwadar, Bin Kasim we Karaçi portlarynyň mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi