icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 fewral 2023

6860

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisiniň, COMSTECH-iň baş koordinatory bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda COMSTECH-yň Sekretariatynyň binasynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hemişelik komitetiniň (COMSTECH) baş koordinatory M.I.Choudhary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherindäki häzirki zaman şäher gurluşygyna degişli ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylandygy, şeýle hem desgalarda “akylly” öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygy we ulag pudagynda “akylly” ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenip düzülendigi barada maglumat berdi.

Pakistan tarapy Arkadag şäherinde “Akylly şäher” konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulan desgalara, binalara, infrastrukturalara ýokary baha berdi.

Taraplar ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi ylalaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň ýokary okuw jaýlarynyp arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin degişli işleriň alnyp baryljakdygyny ynandyrdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi