icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 fewral 2023

1604

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmurat Muratow Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Georgi Kvesitadze bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň we halklarynyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmek üçin geçiriljek bilelikdäki çäreler boýunça soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, taraplar, ozal gol çekilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama iki ýurduň alymlarynyň özaralarynda göni aragatnaşygyň ýola goýulmagyna, şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşine we çuňlaşmagyna goşant goşandygyny bellediler.

Bu duşuşykda Ilçi D.Muratow 2024-nji ýylda Türkmenistan beýik türkmen şahyr-filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellejekdigini, şeýle hem, bu möhüm çäräni bellemäge Türkmenistanda eýýäm işjeň ýagdaýda taýýarlyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Öňümizdäki ýetip gelýän ýubileý baýramçylygy üçin meýilleşdirilen çäreler, beýik türkmen şahyr-filosofy Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk hem öwrenilmegine we giňden ýaýbaňlandyrylmagyna goşant goşar.

Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Kwesitadze öz gezeginde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge özüniň taýýardygyny bildirdi, şeýle-de däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň ösmegine we halklarymyzyň bähbitleri üçin hyzmat etmegine dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi