icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 fewral 2023

1517

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda senator M. H. Sayed bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamowyň Pakistanyň Senatynyň Goranmak boýunça hemişelik komitetiniň başlygy, senator Mushahid Hussain Sayed bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi we ýurtda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm syýasy çäreler barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherindäki “Akylly şäher” konsepsiýasyndan ugur alnyp, ösen tehnologiýalara we ekologiýa taýdan arassa serişdelere esaslanyp gurulýan desgalar barada prezentasiýa görkezildi.

Şeýle hem, «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň, «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan» (TOP) ugry boýunça optiki-süýmli aragatnaşyk liniýasynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada maglumat berildi.

M.H.Sayed görkezilen prezentasiýa üçin minnetdarlyk bildirip, Arkadag şäherinde gurulýan desgalaryň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna we innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna ýokary baha berdi.

Päkistanda ýüze çykýan ýiti energiýa ýetmezçiligine ünsi çekip, ýurduň sosial-ykdysady ösüşine ýardam etjek TOPH we TOP taslamalaryny Pakistanyň hökümetiniň goldaýandygyny nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi