icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 fewral 2023

2482

Azerbaijanda Magtymgyly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Azerbaijan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaijanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlanan “Magtymgyly Pyragy – dünýä edebiýatynyň görnükli şahyry” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.

 Bu maslahata ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Magtymgulynyň döredijiliginiň muşdaklary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli gymmatlyklarymyzy wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler we Türkmenistan bilen Azerbaijanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we pugtalandyrmak baradaky isleglerini beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi