icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

20 fewral 2023

1593

Medeni-ynsanperwer ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň täze bellenen Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Ilçi medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Medeniýet we sungat çygrynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda Maksatnama gol çekilmegine garaşylýar.

Ilçi M.Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrligi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we bu ugurda türkmen tarapynyň başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini bellemek bilen, Ilçi şu ýylyň dowamynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi. Ilçiniň bu teklibini ministr Ž.Andreasýan dolulygyna goldady.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi şeýle hem bu medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahatyny we konserti geçirmegi teklip etdi we şol bir wagtda 2024-nji ýylda Türkmenistanda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berdi.

Duşuşykda taraplar iki döwletiň degişli edaralary bilen bilelikdäki ylmy-barlag maksatnamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ylym pudagynda hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýän etdiler.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem iki döwletiň arasynda sport pudagynda hyzmatdaşyk etmek meselelerine hem üns berildi. Ministr öz gezeginde, sportuň ähli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Ermenistanyň sport toplumlarynda yzygiderli okuw-türgenleşik okuwlaryny geçmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Ministrlige türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilindäki neşirini gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi