Diplomatik derejeler hakynda

Şu Kanun Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri üçin diplomatik derejeleri belleýär, şeýle hem diplomatik derejeleriň berilmeginiň, saklanylmagynyň we ondan mahrum edilmeginiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär.

1-nji madda

Diplomatik dereje - bu diplomatik gullugyň işgärlerine berilýän aýratyn gulluk derejesi.

2-nji madda

Diplomatik gullugyň işgärlerine diplomatik derejeler olaryň hünär ugry boýunça taýýarlygy, iş döwri we iş tejribesi, diplomatik derejesinde bolan möhleti, gulluk işiniň netijeleri göz öňünde tutulyp berilýär.

3-nji madda

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine olaryň eýeleýän wezipesi boýunça şu aşakdaky diplomatik derejeler berilýär:

Eýeleýän wezipesi      
Diplomatik dereje

Türkmenistanyň Daşary işler ministri, - Adatdan daşary we Doly

Türkmenistanyň Adatdan daşary  ygtyýarly Ilçi

we Doly ygtyýarly Ilçisi,

halkara guramasynyň ýanyndaky

Türkmenistanyň Hemişelik wekili;

Türkmenistanyň Daşary işler - Adatdan daşary we ministriniň orunbasary,  Doly ygtyýarly Wekil

Wekil,

Işler ynanylan wekil,

Baş konsul;

Türkmenistanyň Daşary işler - Doly ygtyýarly geňeşçi

ministrliginiň aýratyn

tabşyryklar boýunça Ilçisi,

Geňeşçi-wekil,

halkara guramasynyň ýanyndaky

Türkmenistanyň Hemişelik

wekiliniň orunbasary;

Türkmenistanyň Daşary işler - I derejeli geňeşçi

ministrliginiň diplomatik

gullugynyň wezipelerini we

borçlaryny ýerine ýetirmek

bilen gös-göni bagly bolup

durýan işleri amala aşyrýan

düzümleýin birliginiň ýolbaşçysy,

Türkmenistanyň Daşary işler

ministrliginiň Türkmenistanyň

çägindäki wekilhanasynyň

ýolbaşçysy;

Türkmenistanyň Daşary işler - II derejeli geňeşçi

ministriniň kömekçisi,

geňeşçi,

konsul;

birinji sekretar, - I derejeli attaşe

konsulyň orunbasary;

ikinji sekretar, - II derejeli attaşe

konsullyk agenti;

üçünji sekretar, - III derejeli attaşe

attaşe.

4-nji madda

Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi hem-de Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil diýen diplomatik derejeler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berilýär.

Beýleki diplomatik derejeler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünär synagy toparynyň hödürlemegi esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan berilýär.

5-nji madda

Diplomatik dereje üçin aýlyk wezipe hakyna goşmaça hak bellenilýär, onuň möçberi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

6-njy madda

Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi hem-de Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil diýen diplomatik derejeler ömürlik berilýär.

7-nji madda

Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil diýen diplomatik derejelerden mahrum etmek Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

Beýleki diplomatik derejelerden mahrum etmek ýa-da olary peseltmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünär synagy toparynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan amala aşyrylýar.

Diplomatik gullugyň işgärini diplomatik derejeden mahrum etmek ony öň bar bolan ähli diplomatik derejelerinden mahrum etmegi aňladýar.

8-nji madda

Diplomatik derejeleri bermegiň, saklamagyň we diplomatik derejelerden mahrum etmegiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik derejeleri bermegiň tertibi hakyndaky düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

9-njy madda

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «Diplomatik ranglar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 45-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti                                                                  

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2013-nji ýylyň 29-njy awgusty