icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

18 fewral 2023

2267

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gulluk ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewany,

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowany,

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Baýramowiç Orazowy,

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimurat Rejepowy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Amangeldi Rahmanowy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti Çary Geldiýewiç Nyýazowy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 17-nji fewraly.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi