icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

23 fewral 2023

1555

«Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň howanyň durnukly üýtgemegine, uglerod zyňyndylary pes bolan ulag düzümlerine geçişiniň elýeterli bolmagyny hem-de mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» mowzugyna geçirilýän bilelikdäki çäre barada maglumat

2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 85-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň hemişelik wekilhanasynyň, BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikdäki başlangyjy bilen «Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň howanyň durnukly üýtgemegine, uglerod zyňyndylary pes bolan ulag düzümlerine geçişiniň elýeterli bolmagyny hem-de mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» mowzugyna bagyşlanyp bilelikde çäre geçirildi.   

Çäräniň başynda BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa we Türkmenistanyň BMG-nyň Ženewadaky wekilhanasyndaky hemişelik wekili ilçi A.Haljanow açylyşda çykyş etdi.

Mundan başga-da, beýleki  myhmanlar hususan-da, Yrak Respublikasynyň Ulag ministri jenap Razzak Ojaými, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň Baş sekretary jenap Umberto de Pretto, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az ösen ýurtlaryň, ösýän ýurtlaryň, Deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň hem-de ownuk ösüp gelýän ada döwletleriniň ýokary wekili hanym Rabab Fatima we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň Ýewropa bölüminiň Ýewropa Sebitindäki Howanyň üýtgemegi boýunça meýilnamanyň utgaşdyryjysynyň ýerine ýetirijisi jenap Ersin Esen dagylar çykyş etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19-dan soňky dikeldişde, howanyň üýtgemegini azaltmak we uýgunlaşmakda ulaglaryň ähmiýeti, Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň sebitinde ulag infrastrukturasynyň ösüşiniň we hyzmatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipleri we mümkinçilikleri, ekologiýa we durnukly ulag aragatnaşygy ulgamlarynda halkara goldawyny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri, infrastruktura syýasaty we ýurtlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan gazanylan üstünlikler, ulag ýollarynyň geljegi baradaky garaýyşlar we BMG Baş Assambleýasynyň A/RES/72/212 "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek" atly kararnamadaky esasy pikirler barada hasabat berdi.

Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan bilelikdäki işler, ulag ösüşinde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilip, dünýädäki ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmakda, geljekki nesiller üçin ösüşde iň möhüm görkeziji bolan durnukly ulaga üns berilmelidir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi