icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 fewral 2023

1678

Pakistanda Aziýa eko-siwilizasiýa, gözleg we ösüş institutynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Aziýa eko-siwilizasiýa, gözleg we ösüş institutynyň başlygy Zahid Latif Han bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda şäher gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp Ahal welaýatynda gurulýan Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygy, şeýle hem «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygy we ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalar işlenip düzülendigi  aýratyn bellenildi.

Pakistan tarapy görkezilen prezentasiýa üçin minnetdarlyk bildirip, Arkadag şäherindäki infrastrukturalaryň halkara standartlarda ýokary hilde bolmagyna, maglumat tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygyna we daşky gurşawyň goragynyň göz öňünde tutulyp gurulýandygyna ýokary baha berdi, şeýle hem şäher gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi