icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 fewral 2023

1780

Ylym ulgamynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk oňyn ýola goýlandyr. Ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen, taraplar mundan beýläk-de bilelikdäki duşuşyklara we okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşmak babatynda ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi