icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 mart 2023

1335

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Muratow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Z.Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň halklarynyň milli mirasyny we medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, ikitaraplaýyn ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak we pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmegini dowam etdirýän asyrlar boýy däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň baglaşdyrýandygyny bellediler. Medeni we gumanitar ugurlary boýunça köp ýyllyklaryň dowamynda gazanylan tejribeler we olary güýçlendirmek üçin bar bolan mümkinçilikler, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm düzümi bolup durýandygy bellenip geçildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi D.Muratow ylym, bilim we medeni diplomatiýa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Parahatçylyk dörediji we şol bir wagtyň özünde sebitiň medeni merkezi diýlip ykrar edilmegi bilen, Türkmenistan medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyryp, giň derejede gumanitar hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär. Türki döwletleriň halkara guramasynyň çäklerinde  2024-nji ýyly türki dünýäde “Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan halkara medeni diplomatiýasynyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen şahyr-filosofynyň 300 ýyllygyna halkara derejesinde görülýän taýýarlygy bolsa, Pyragynyň döredijiligi bütin adamzadyň mirasydygyny tassyklaýar.

Z.Abaşidze, öz gezeginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, halkara maslahatlary, sergileri we dürli medeni çäreleri gurnamak we geçirmek boýunça alnyp barylýan işler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge, iki ýurdyň halklarynyň baý bolan medeni mirasyny, gadymdan gelýän gymmatlyklaryny we milli sungatlaryny giňden wagyz etmäge ýardam berer diýip belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi