icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 mart 2023

1454

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Lahoryň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Lahoryň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, diplomatik wekilhanalar boýunça hemişelik komitetiniň utgaşdyryjysy Şeýh Muhammad Ibrahimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda türkmen-päkistan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.

Pakistan tarapyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmek we ýurda maýa goýum çekmek üçin alyp barýan ykdysady syýasaty barada gürrüň berildi.

Şol sanda, pakistan tarapyny gyzyklandyran, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadag şäherindäki desgalaryň, jaýlaryň, ýollaryň «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýandygy aýratyn bellenildi.

Lahoryň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti Arkadag şäherindäki infrastrukturanyň häzirki zaman şäher gurluşygyna laýyklykda we ýaşaýjylar üçin amatly şertlerde gurulýandygyna ýokary baha berdi hem-de halkara derejesinde nusgalyk şäher boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem taraplar söwda, maýa goýum, işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi