icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

01 mart 2023

1846

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi BMG-HABITAT-yň Sebitleýin Merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 1-nji martynda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-HABITAT) Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy B.Derkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylda Türkmenistanda Arkadag atly täze akylly şäheriniň açylmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Bu taslamanyň BMG-niň Ýaşaýyş we durnukly şäher ösüşi Konferensiýasynda (Habitat III) kabul edilen Şäher ösüşi boýunça täze maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň amaly hereketi we tejribesi bolup durýandygy, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary ugrundaky Gün tertibiniň ýerine ýetirilmeginiň zerurlygy barada bellenildi. 

Agzalan taslama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylmak bilen, onuň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň şäher medeniýeti, howpsuzlygy, ekologiýasy nukdaýnazaryndan görelde bolmalydygy we gurluşyk döwründe tebigy gözelligiň saklanylmalydygy barada nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy BMG-Habitat-yň “Ynsan ösüşine gönükdirilen akylly şäherler” maksatnamasynyň üsti bilen milli, sebitleýin we ýerli dolandyryş edaralaryna innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda strategiki we tehniki taýdan goldaw bermekligiň möhüm orny barada belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, BMG-Habitat-yň sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy halkara gurama agza döwletleriň innowasiýa ösüşine geçmekleri boýunça durnukly şäher ösüşini gazanmak ugrundaky tagallalaryny tassyklady, bu ugurdaky ösüş üçin usullary we mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam etmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny satyn almak we netijeli ulanmak üçin köpugurly dolandyryş strategiýasynyň ähmiýeti barada belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi