17 mart 2023
5513
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Tebigy taryhy muzeýiniň – Leýbnis adyndaky ewolýusiýa we biodürlüligi institutynyň (Germaniýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama çekildi
2023-nji ýylyň 15-nji martynda diplomatik ýollar arkaly Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Tebigy taryhy muzeýiniň – Leýbnis adyndaky ewolýusiýa we biodürlüligi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamanyň çäklerinde taraplar bilelikdäki işläp taýýarlamalary, aýratyn-da biologiýa, paleontologiýa we Ýer şary hakyndaky ylymlar boýunça, Türkmenistanda bilelikdäki gözleg-ylmy işleri, meýdan işlerini we ekspedisiýalary meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar.
Berliniň Tebigy taryhy muzeýi 1810-njy ýylda döredildi, muzeýde on müňden gowrak görnüşli nusgalary 30 milliondan gowrak zoologiki, paleontologiki we mineralogiki nusgalar bar.
Başga habarlar
22
Sep
Duşenbede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
Ähli habarlary görmek