icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 mart 2023

1678

Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky Hemişelik wekili MINEPS VII Halkara maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça Maglumat mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 20-nji martynda ÝUNESKO guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili M.Çaryýew Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2023-nji ýylyň 26-29-njy iýun aralygynda geçiriljek Bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň we ýolbaşçy işgärleriň MINEPS VII Halkara maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça Maglumat mejlisine gatnaşdy.

Maglumat mejlisi ÝUNESKO-nyň baş edarasynda geçirildi. Duşuşyk Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministri F.Gaibow we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary boýunça orunbasary G.Ramos bilen bilelikde geçirildi. Duşuşyga ÝUNESKO-da akkreditirlenen Hemişelik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we beýleki wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda MINEPS VII-ä taýýarlyk, Halkara maslahatyň maksatnamasy, maksatlar we garaşylýan netijeler, logistika ara alyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi