icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

30 mart 2023

1750

Türkmenistanyň Ilçisi Özbegistan Respublikasynyň kinematografiýa Agentliginde duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ýa.Mämmedow Özbegistanyň kinematografiýa Agentliginiň direktorynyň orunbasary Ş.Rizaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar kinematografiýa ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar we 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanda Özbegistanyň kino günlerini geçirmek barada pikir alyşyldy. Özbek tarapy agzalan çäräniň geçirilmegini doly goldaýandygyny mälim edip, onuň Aşgabat şäherinde we türkmen-özbek serhetýaka welaýatlaryň merkezlerinde özbek kinomatograflaryň we meşhur artistleriň gatnaşmagynda geçirilmegine mümkinçilik döredilse maksadalaýyk boljakdygyny mälim etdi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda özbek tarapy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda XV Daşkent kinofestiwalynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi hem-de türkmen wekiliýetiniň çagyrylýandygy barada belläp, festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň kino günlerini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berdi.

Şeýle-de, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllyk ýubileýiniň bellenýändigini nazara tutyp, bu beýik şahsyýetiň ömri we döredijiligi, Hywada we Buharada okan hem-de ýaşan döwürleri barada bilelikde dokumental we çeper filmleriň döredilmeginiň barada pikir alyşyldy.

Mundan başga-da, türkmen tarapy Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berip, ýakyn wagtlarda bu şäheriň açylyşyny uly dabara bilen geçirmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berdi hem-de özbek tarapyny bu dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi