icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 aprel 2023

4437

Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory Prof.Dr.Muhammad Afzal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen COMSATS uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Päkistan tarapy COMSATS uniwersitetiniň fakultetleri, ylmy işleri we gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi.

Türkmen tarapy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda halkara arenasyna alyp barýan işleri, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi