icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 aprel 2023

1766

Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Araýbystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen GСС ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara ikitaraplaýyn hem-de sebitara derejelerde uly orun berilýändigini bellediler. Şeýle hem, taraplar Türkmenistan bilen Geňeşiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerden peýdalanmak arkaly, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de täze derejelere çykarmak barada özara pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, türkmen tarapy GCC-niň Baş sekretaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Arkadag şäheri barada maglumat berdi.

Jasem Mohamed Albudaiwi ýakyn wagtda geçiriljek Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi