icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 aprel 2023

1685

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy mejlisine gatnaşmagy

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýar.

1946-njy ýylda döredilen bu Komissiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) düzümine girmek bilen, 1994-nji ýylda Kairde kabul edilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine syn we baha berýär.

14-nji aprele çenli dowam etjek mejlisiň gün tertibine Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi hem-de milli, sebit we dünýä derejelerinde alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny, halkara derejesinde ylalaşylan ösüş maksatlaryň, şol sanda, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatyndaky gün tertibiniň maksatlaryny mundan beýläk hem amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleler girizilen.

Mejlisiň çäklerinde ýokary derejeli umumy pikir alyşmalaryň, ministrler derejesindäki “tegelek stollaryň” hem-de ilat we ösüş babatynda dürli meselelere seredilip geçiljek beýleki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti umumy maslahatlaşmalaryň dowamynda eden çykyşynda ilat meseleleri bilen bagly ugur boýunça ýurdumyzyň milli tejribesini we gazananlaryny beýan etdi, şeýle hem bu ugurda sebit we global derejelerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň edaralarynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwyny üstünlikli geçirmek boýunça bilelikde amala aşyrylan işleri bellendi. Şonuň bilen birlikde, ilat ýazuwynyň netijeleriniň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatyny, şeýle hem ygtybarly we ýokary hilli statistiki maglumatlary düzmekde ulanyljakdygy nygtaldy.

Türkmenistan 2020-2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2019-njy ýylda saýlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi