icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

20 maý 2023

9740

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde eden çykyşy

(Sian şäheri, 2023-nji ýylyň 19-njy maýy)

Hormatly döwletleriň Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Ilki bilen, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammiti çagyrmak başlangyjy, myhmansöýerligi hem-de netijeli işlemek üçin döreden şertleri üçin Onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine minnetdarlyk bildirýärin.

Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk etmegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropa tarap uzan Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä medeniýetiniň ösüşiniň hem-de ilerlemeginiň şerti bolandygy hemmä mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, bu sammitiň gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýada derweze diýlip atlandyrylyp gelinýän häzirki türkmen şäheri Mary bilen doganlaşan, Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady — Hytaýyň gadymy paýtagty Sian şäherinde geçirilmeginiň simwoliki ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin.

Bu sammit häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini beýan edýär. Şu duşuşygyň bize ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýyny seljermäge, ony geljekde ösdürmegiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn. Munuň özi dünýä we sebit gün tertibiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga-da şert döreder. Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň üstünlikli ösüşiniň baş şerti bolan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek esasy mesele bolup durýar.

Hormatly döwletleriň Baştutanlary!

Häzirki dünýäniň ýaramaz şertleri netijesinde ýüze çykan hakyky ýagdaýy — dünýä syýasatynyň ugurlary syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny görkezýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamak hem-de içerki işlerine gatyşmazlyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Dünýä bileleşiginiň terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamlaryndaky täze wehimlere garşy durmak boýunça görýän çärelerini goldaýar.

Biz öz abraýymyzy, mümkinçiliklerimizi peýdalanyp hem-de köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täsirli usullaryny ulanyp, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini ykrar etmäge, ynanyşmaga uly goşant goşup bileris. Dartgynlylygy gowşadyp, dawalary azaldyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda jedelleri we gapma-garşylyklary çözmegiň gepleşikler usulyna geçip bileris. Şunuň bilen baglylykda, netijeli, hormatlamak we deňhukukly gatnaşyklara taýýarlygyň hem-de ukyplylygyň görkezijisi bolup durýan syýasy medeniýetiň möhümdigini aýratyn bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyç öňe sürüldi. Pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şonuň esasynda türkmen tarapynyň hödürlän «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandyklary üçin biziň formatymyzyň ähli döwletleriniň Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirýärin.

Biz medeniýetiň hormatlamak gatnaşyklarydygyna, parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamagy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemek däplerine ygrarlylykdygyna berk ynanýarys. Halkara gatnaşyklaryň täze fiosofiýasyny öňe sürmekde köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrülmäge ukyplydygyna düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda utgaşdyrylan hereketleri ýola goýmagyň möhümdigini belläp, köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Onuň maksady gazanylan ylalaşyklary ulgamlaşdyrmakdan hem-de ýerine ýetirilişine syn bermekden ybarat bolar. Biz diňe şeýdip, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerinde döwletleriň Baştutanlarynyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilişine gözegçilik edip bileris.

Hormatly döwletleriň Baştutanlary!

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki mümkinçilikleri, kuwwatly serişde, senagat hem-de tehnologik binýady biziň öňümizde ykdysadyýetde ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Biz bu formata Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy hökmünde seredýäris. Taryhy tejribe asyrlaryň sepgidinde bolup geçýän her bir ýagdaýyň diňe ýaramaz däl, eýsem, ilkibaşda aýdyň bolmadyk oňyn meýillerini hem äşgär görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitleýän esasy meseleleri çözmäge gönükdirilen gatnaşyklar ulgamyny takyk ýola goýmagyň zerurdygyna ynanýaryn. Bu bolsa her bir hyzmatdaşyň ileri tutýan milli bähbitlerini nazara almak bilen, biziň bilelikdäki işlerimizi guramaga ýardam berer.

Her bir ýurduň ykdysady kuwwatyny we logistik mümkinçiligini peýdalanmak, senagat kooperasiýasynyň, energetika, ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň netijeli ulgamyny döretmek arkaly daşary ykdysady gatnaşyklary birsyhly giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip hasap edýärin.

Ýangyç-energetika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bu ugurda anyk hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysalydyr. Şu gaz geçiriji esasynda hytaýly hyzmatdaşlarymyz häzirki döwürde öz senagatyny ösdürýär, Hytaýyň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna Hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin hem mümkinçilik berdi.

Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara alyp, taraplar gyzyklanan halatynda, biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam etdirip bilerdik.

Biz ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar.

Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynanýarys. Bu taslama Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlaryny, senagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, öz tagallalarymyzy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde biziň öňümizde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegi aýratyn möhüm diýip hasap edýäris. Şeýle-de biz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyndan ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş edýäris.

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň dünýä ajaýyp alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary berendigi mälimdir. Biz bolsa şol örän baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýarys. Ine, şoňa görä-de, biz bu gyzyklanmalary höweslendirmelidiris, yzygiderli esasda giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermelidiris. Halklarymyzyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň, giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramagy hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip edýärin.

Hormatly döwletleriň Baştutanlary!

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň alty döwletiň we olaryň halklarynyň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylygy, köpasyrlyk dostlugy, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak däplerini gorap saklamagyň zerurdygyna berk ynanýandygyny bellemek isleýärin.

Üns berip diňläniňiz üçin sag boluň!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi