03 iýul 2023
5693
Türkmen önümleri Seul şäherinde geçirilen Import harytlaryň sergisinde görkezildi
2023-nji ýylyň 29-njy iýuny - 1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Koreýa Respublikasynda geçirilen Import harytlaryň XX sergisiniň işine gatnaşdylar.
Dünýäniň 50 döwletinden 150 iri kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara sergide ýokary hilli türkmen önümleri hem görkezildi.
Türkmenistanyň milli powilýonynda türkmen halylary, ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri hem-de ýokary hilli egin-eşikler ýerleşdirildi.
Türkmen milli önümleri halkara import harytlaryň sergisine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Başga habarlar
25
May
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
May
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy
21
May
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
21
May
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
21
May
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Şagyzy Takamado bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek