icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 iýul 2023

5356

Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary M.Mämmedow bilen Awstriýa Respublikasynyň durmuş işleri, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçilik we sarp edijileri goramak boýunça federal ministrliginiň Ýewropa Bileleşigi, halkara hyzmatdaşlyk, pensiýa we meýletinçiler departamentiniň başlygy Ulrike Neufangiň arasynda duşuşyk geçdi.

Awstriýanyň federal ministrliginiň binasynda geçirilen duşuşykda taraplar saglygy goraýyş pudagynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, bu ulgamda gazanylan tejribe we häzirki wagtda alnyp barylýan işler, iki ýurduň degişli lukmançylyk edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bagly meseleler barada özara pikir alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi