icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 iýul 2023

1596

Türkmenistanyň ilçisi Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda K.Iwanow ilçini Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ol saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň käbir ugurlar boýunça eksport mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada habar berdi.

Söhbetdeşler iki döwletiň haryt dolanşygyny ösdürmek maksady bilen, ulag-logistika meseleleri barada durup geçdiler.

K.Iwanow geljekde hem türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat bolan toparyň güýz aýlarynda Türkmenistana iş saparynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Ilçi, öz gezeginde, bu sapar bilen bagly ýardamlaryň beriljekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi