10 awgust 2023
4893
Ýaponiýanyň Tsukuba Uniwersitetinde geçirilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň we Tsukuba uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny güýçlendirmeklige, bilelikdäki gözleg taslamalaryny we ylmy maslahatlary guramaklyga çuňňur gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, duşuşykda taraplar geljekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekligiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Başga habarlar
25
May
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
May
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy
21
May
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
21
May
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
21
May
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Şagyzy Takamado bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek