05 sentýabr 2023
5152
Türkmenistanyň ilçisiniň Päkistanyň daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe. bilen duşuşygy barada
2023-nji ýylyň 31-njy awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow ýakynda wezipä bellenen Päkistanyň daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe Jalil Abbas Jilani bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda ilçi söhbetdeşini täze wezipä girişmegi bilen gutlady. Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Päkistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary goldaýandygyny, şol sanda, TAPI we TAP ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Päkistan üçin örän möhüm bolup durýandygyny belledi.
Taraplar dürli ugurlaryndaky özara gatnaşyklary has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.
Başga habarlar
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
Ähli habarlary görmek